Türkmenistanly aýal Hindistanda, ýol hadysasynda öldi
“Bentli” maşynynyň sürüjisi, 19 ýaşyndaky Asees Singh Çadha, ozalky alkogol tüçjary, 2012-nji ýylda bolan atyşykda öz dogany bilen bilelikde öldürilen Ponty Çadhanyň ýegeni bolup, polisiýa tarapyndan maşyny ýokary tizlikde sürmekde aýyplanyp, tussag edildi.
Polisiýa ofiseri Jagdiş Beniwal onuň maşynynyň swetoforda gyzyl çyrada duran rikşany kakandygyny, maşynyň töwereginiň gara gana boýalandygyny we özüniň “Tiz kömek” maşynyny çagyrandygyny gürrüň berdi.
Beniwaly sözlerine görä, Asees Sing Çadhanyň maşyny şeýle uly tizlikde gelýän wagty ony goraýan polisiýa işgärlerin hem yzyndan gelýän eken.