ABŞ Wenesueladaky ähli diplomatlaryny çykarýar
Mundan birnäçe sagat öň bolsa, Waşington Wenesuelanyň döwlet nebit kärhanasy PDVSA bilen iş alyp barandygy üçin, rus bankyna garşy sanksiýalary girizdi. Russiýa häkimiýet başynda galmakçy bolýan Wenesuelanyň lideri Nikolas Maduronyň iň esasy malýe goldawçylarynyň biridir.
ABŞ-nyň hereketleri hem Karakasa hem-de Moskwa garşy basyşlary güýçlendirýär.
Prezident Donald Trampyň administrasiýasy Madurony bikanun lider diýip atlandyryp, oppozisiýa lideri Juan Guaidony goldady.