'Talyban' Türkmenistana geçmäge synanyşan 100-den gowrak owgan harbysyny ýesir aldy
Owganystanyň "Talyban" hereketi ýurduň Türkmenistan bilen serhedinde owgan harbylarynyň uly toparyny ýesir aldy.
Halkara media serişdeleriniň owgan resmilerine salgylanyp, berýän maglumatyna görä, şenbe güni gije ýurduň Türkmenistan bilen serhedinde "Talyban" tarapyndan ýesir alnan harbylaryň sany 1000 we 150 adam aralygynda.
NYT neşriniň habaryna görä, serhetde ýesir alnan 150 owgan harbysy söweşijilerden gaçyp, goňşy Türkmenistana geçipdir, emma bu ýurt olary yzyna dolanmaga mejbur edipdir.
Bu waka Owganystanyň demirgazygyndaky Badgis welaýatynda bolup, jemi bir hepdeden az wagtyň dowamynda Margap etrabynda ýesir alnan owgan harbylarynyň sanyny 190 adama ýetirdi, 16 owgan harbysy wepat bolandygyny habar NYT habar berdi we şenbe güni etrabyň "Talybanyň" gözegçiligine geçendigini belledi.
"Al-Jazeera", soňky günlerde ýurduň günbatarynda bolan agyr söweşlerden soň Türkmenistanyň giňişligine geçmäge synanyşanda "Talybanyň" demirgazyk serhetdäki geçiş nokatlaryna eden hüjümlerinde 100 çemesi owgan harbysynyň wepat bolandygyny habar berdi.