Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew duýdansyz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi
“Men prezident wezipämi soňdyrmak kararyna geldim” diýip, 19-njy martda Nazarbaýew telewideniýede eden çykyşynda belledi.
Ol bu baradaky kararyny, onuň edarasy möhüm Nazarbaýewiň möhüm bildiriş etjekdigini aýtmagyndan soň mälim etdi.
Nazarbaýew gazak parlamentiniň ýokary palatasynyň spikeri Kasym-Žomart Tokaýewiň häzirki wagt prezident wezipesini öz üstüne aljakdygyny aýtdy.
78 ýaşyndaky Nazarbaýewiň başga wezipä eýe boljakdygy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.