Gürji çopany amerikan maşgalasyny öldürmekde günäli tapylyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi
Gürjüstanyň sud žýurisi bir adamy 2018-nji ýylyň iýulynda amerikan-gürji jübüdini we olaryň dört ýaşyndaky ogluny öldürmekde günäli tapansoň, gürji sudy ony ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.
27-nji martda Gürjüstanyň gündogaryndaky Gori şäher sudunyň kazysy Malhaz Kobauriýe (Malkhaz Kobauri) garşy höküm çykardy. Bu höküm, gürji sudunyň žýurisi Kobauriýi 43 ýaşyndaky Laura Smithe jynsy zorlugy amala aşyrmakda we öldürmekde, şeýle-de onuň adamysy Ryan Smithi we ogullary Calebi öldürmekde günäli tapanyndan iki gün soňa gabat geldi.
Kobauriniň aklawçysy suduň çykaran bu hökümini şikaýat etjekdigini aýdyp, Smith maşgalasy öldürilen mahaly 19 ýaşynda bolan çopan müşderisine garşy sud işine prosedura bozulmalarynyň kölege salandygyny hem öňe sürdi.
Asly Birleşen Ştatlardan bolan we gürji raýatlygyna eýe Smith maşgalasy alty ýyl bäri Marneuli şäherçesinde ýaşaýardy. Olar dostlaryna golaýdaky daga iki günlük syýahat etjekdiklerini aýdansoň, geçen ýylyň iýul aýynyň başynda ýitirim bolýarlar.
Laura Smithiň jesedi 6-njy iýulda Khada Gorge sebitindäki şaglawugyň golaýynda tapyldy. Onuň adamysynyň jesedi 7-nji iýulda tapylypdy.