Litwanyň sudy öňki sowet harby ýolbaşçysyny uruş jenaýatlarynda gaýybana höküm etdi
Litwanyň sudy öňki sowet harby ýolbaşçysyny we ýokary derejeli KGB ofiserini 1991-nji ýylda Moskwanyň ýurduň garaşsyzlygy ugrundaky hereketi basyp ýatyran döwri adamzada garşy jenaýatlary we uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda günäli tapdy.
27-nji martda Wilnýusyň sudy öňki sowet goranmak ministri Dmitriý Ýazowy gaýybana 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. KGB-niň öňki ofiseri Mihail Golowatow hem gaýybana 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Bu hökümler 1991-nji ýylyň ýanwarynda sowet armiýasy tarapyndan öldürilen 14 adamyň ölümine gönükdirilip, üç ýyl geçirilen derňewleriň yzýany çykaryldy.
Litwanyň prokurorlary bu adamlaryň birinden başga ählisiniň 1991-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda sowet desantçylary tarapyndan döwlet telewideniýesiniň baş binasynda we TW diňine hüjüm edilen mahaly ölendigini aýdýarlar. Başga-da 700-den gowrak adam ýaralandy.
Litwa 1990-njy ýylda Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny yglan etdi. Litwa Sowet Soýuzyndan öz garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji sowet döwletidir.
94 ýaşyndaky Ýazow şol döwür sowet goranmak ministri wezipesini ýerine ýetirýärdi.