Ermeni-Azerbaýjan sammiti “oňyn” we “gurujy” diýlip häsiýetlendirildi
Ermenistan we Azerbaýjan öz liderleriniň soňky duşuşygyny “oňyn” we “gurujy” diýip häsiýetlendirdi.
Olaryň bu duşuşykda Dagly-Garabag konflikt zonasynda ýaraşygy pugtlandyrmak we dialogy dowam etdirmek hakynda ylalaşyga gelendigi habar berilýär.
"Duşuşyk pozitiw we konstruktiw ýagdaýda geçdi we iki lidere özleriniň pozisiýalaryny aýdyňlaşdyrmak mümkinçiligini berdi” diýip, iki ýurduň daşary işler ministrleri 29-njy martda, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen Azerbaýajanyň prezidenti Ylham Aliýewiň Wenada geçen duşuşygyndan birnäçe sagat soň çap eden beýanatlarynda aýtdylar.
“Olar ylalaşyk prosesiniň esasy meseleleriniň birnäçesi we asylky ideýalarhakynda pikir alyşdylar” diýip, beýanatda aýdylýar. Bu beýanata ÝHHG-nyň Minsk toparynyň egindeş araçylary - ABŞ, Orsýet, Fransuz araçylary hem gol çekdi.
Beýanatda Aliýew bilen Paşinýanyň dawaly zonada “ýaraşygy pugtalandyrmaga ygrarlydygy” bellenilýär.