Putini masgaralaýan suraty çekmekde güman edilýän adam tutuldy
![Putini masgaralaýan suraty çekmekde güman edilýän adam tutuldy](https://gdb.rferl.org/DCF6BF53-5247-4BD9-8BC4-2D5D7830ADBE_w800_h450.jpg)
Rus polisiýasy Ýaroslawl şäherinde Içeri işler ministrliginiň binasynda prezident Wladimir Putini masgaralap, onuň pürkme reňkde çekilen portretini döretmekde güman edilýän adamy tussag etdi diýip, ýerli media ahabar berdi.
Güman edilýän 5-nji aprelde, polisiýa şol töweregiň gözegçilik wideosyna düşen şekilleri derňänden soňra tussag edildi diýip, ýerli media habar berýär.
Graffiti portreti 31-nji martda çekildi we onuň aşagynda rus dilinde “Putin pidorl” diýen ýazgy bardy. Soň onuň üsti reňklendi.
Bu surat Putin rus häkimiýetlerine websaýtlary petiklemäge we “galp habar” ýa-da döwleti we jemgyýetçiligi masgaralaýan diýlip hasaplanan materiallar üçin temmi bermäge ygtyýar berýän kanuna gol çekeninden birnäçe hepde soň çekildi.
Orsýetiň media gözegçisi bolan Roskomnadzor Ýaroslawldaky suratyçap eden habar neşirlerine ony derhal aýyrmagy buýurdy. Käbirleri bu buýrugy derhal berjaý etdi, beýleki neşirler, munuň senzura bolýandygyny aýdyp, ony ýerine ýetirmekden boýun towlady.