ABŞ-nyň Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa goragçylaryny "terrorçy gurama" atlandyrjagy aýdylýar
“The Wall Street Journal” we “Roýters” habar gullugy ABŞ resmilerine salgylanyp, 5-nji aprelde bu çäräniň 8-nji aprelde görüljekdigini habar berdi.
Birleşen Ştatlar Yslamçy Rewolýusuýa gwardiýasy korpusynyň daşarky şahamçasyny – “Kuds güýçlerini” we bu gurama bilen hyzmatdaşlykdaky adamlaryň we ýuridiki şahslaryň ençemesini terrorçy diýip atlandyrdy, emma onuň özüni tutuşlygyna terrorçy diýip hasaplamady.
The WSJ milli howpsuzlyk geňeşçisi John Boltonyň we döwlet sekretary Maýk Pompeonyň bu çäräniň berk goldawçylarydygyny, olaryň bu çäre Waşingtona harby birikmäniň Ýewropadaky we beýleki ýerlerdäki biznes işlerini ýatyrmaga kömek eder diýýändiklerini habar berdi.
Emma tankytçylar we käbir Pentagon resmileri bu çäräniň dostluksyz daşary ýurt hökümetleriniň ABŞ harbylary we aňtaw resmileri babatda hem şeýle çäre görmegine itergi bermek ähtimallygyny duýdurýarlar.