Putin rus raýatlygy baradaky gapma-garşylykly kararynyň ähli ukrainala degişli edilmek ähtimallygyny duýdurýar
Putin bu beýanaty 27-nji aprelde, Pekinde geçirilýän infrastruktura sammiti mahalynda etdi.
Putin 24-nji aprelde Ukrainanyň Donetsk we Luhansk sebitlerinde, Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň gözegçiligi astynda ýaşaýan islendik adam üçin rus araýatlygyny bermegi ýeňilleşdirmek baradaky prezident kararyny yglan etdi.
Bu karar Kiýew, ABŞ, Britaniýa, ÝB we ÝHHG –2015-nji ýylda gündogar Ukraina babatda baglaşylan Minsk şertnamasynyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik edýän halkara guramasy tarapyndan gaharly we uly nägilelik bilen garşy alyndy.