ABŞ-da Russiýa bilen bagly barlagyň gelip çykyşyny derňemek üçin prokuroryň bellenilendigi habar berilýär
Maglumata görä, Konnektikut ştatynyň prokurory Jon Durham Trampyň kampaniýasy bilen baglylykda aňtaw maglumatlary toplamagyň “kanuny we ýerlikli” bolup-bolmandygyny derňär.
Şeýle derňewiň geçirilmegine prezident Donald Tramp çagyryş edipdi. Ol Russiýa bilen baglylykda geçirilen barlagy özüne garşy alnyp barylan “arwah awy” atlandyrypdy.
Tramp, şeýle-de onuň tarapdarlary Adalat Departamentini we Derňewler boýunça Federal Býurony onuň kampaniýasynyň çäginde bikanun içalyçylyk etmekde aýypladylar.
Şol bir wagtda, Barryň tankytçylary ony adalatyň hatyrasyna däl-de, Trampyň bähbitleri ugrunda iş alyp barýandygyny aýdýarlar.
Birleşen Ştatlaryň ýörite geňeşçisi Robert Mueller 2016-njy ýylyň saýlawlaryna ruslaryň gatyşygy barada ýurduň aňtaw gulluklarynyň gelen netijelerini tassyklady. Şol bir wagtda, ol Tramp rus resmileri bilen gizlin hyzmatdaşlyk etmedi diýen netijä geldi.