Gyrgyzystanyň ozalky saglyk ministri sorag etmek üçin tussag edildi
Gyrgyzystanyň ozalky saglyk ministri Dinara Sagynbaýewa 2013-nji ýylda Gyrgyzystanyň iň bellentgi jenaýat ketdesi Aziz Batukaýewiň türmeden ir boşadylmagy baradasorag etmek üçin tussag edildi.
Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň 15-nji maýda çap edilen beýanatynda aýdylmagyna görä,Sagynbaýewa "Batukaýewiň “bikanun ir boşadylmagyna” dahyllylykda güman edilip, deslapky tussaghana ýerleşdirildi”.
Batukaýew 2013-nji ýylda leýkemiýa, akganlylyk diagnozy goýlup, türmeden iş boşadylanda Sagynbaeýewa Gyrgyzystanyň saglyk ministri bolup işleýärdi. Soňra ol diagnozlaryň galplaşdyrylandygy mälim boldy.
Gyrgyzystanyň IIM-niň maglumatyna görä, bu iş bilen baglylykda ozalky hökümet resmileriniň başga-da birnäçesi tussag astyna alyndy. Emma olaryň atlary aýdylmady.
Batukaýewiň 2013-nji ýylyň aprelinde türmeden boşadylmagy galmagala sebäp boldy we premýer-ministriň orunbasaryŞamil Atakhanowyň işden çekilmegine, ýurduň ombudsmeniniň işden boşadylmagyna alyp geldi.
Etniki çeçen bolan Batukaýew 2016-njy ýylda, birnäçe agyr jenaýat, şol sanda gyrgyz deputatynyň we IIM-niň resmisiniň öldürilmegi bilen baglylykda, 17 ýyla golaý türme tussaglygyna höküm edildi.
Ol türmeden boşadylan badyna Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz sebitindäki Çeçenistana gitdi.