Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Aşgabadyň häkimiýetleri itleri awlaýar, prezident ite kitap bagyşlaýar

Türkmenistanyň prezidenti 16-nji maýda itlere bagyşlap täze kitabyna başlady. Munuň bilen bir wagtda paýtagtyň häkimiýetleri köçelerde öýsüz itleri rehimsiz awlamak işini dowam etdirýärler.


"14-nji maýda Gaudan "W" etrapçada №84 çagalar bagynyň territoriýasynda iş wagty we çagalar bakjadaka uly bolmadyk bir iti we onuň ýaňy bolan güjüklerini aýratyn bir wagşylyk görkezip, demir taýakly urup öldürdiler. Onuň oňurgasyny döwdüler, soňra haýallyk bilen wagşylarça iti ganly dürüşdä öwürdiler we bu gyrgyny süýndürip ýerine ýetirdiler" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy we bu işi jemagat gulluklaryň Begenç atly işgäriniň amala aşyrandygyny habar berdi. 


Bu ýagdaýa şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri bu ganly wakanyň köpçüligiň gözüniň alnynda bolandygyny Azatlyga habar berdi.  




"It uzak wagtlap ses etdi, soň iňňildedi. Goňşy jaýlaryň aýnalaryndan muny köp adam gördi, emma hiç kim goşulmady. It çagalar bagynda özüne pena tapypdy, adamlardan gizlenip, ýuwaşja ýatýardy, emma çagalar bagynyň ýolbaşçysy haýwanlary tutýan gullugy çagyrdy", diýip ýagdaýa şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri aýtdy.        


Azatlyk Radiosy bu ýagdaýa degişli goşmaça maglumat almak üçin Aşgabadyň häkimligi bilen habarlaşyp bilmedi. 


Şol bir wagtyň özünde-de, Aşgabadyň köçelerinde itleriň we pişikleriň awlanmagy yzygiderli häsiýetde amala aşyrylýar.







Mundan bir hepde öň 9-njy maýda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary Görogly köçesinde jemagat gulluklarynyň işgärleriniň birnäçe iti we güjükleri tutup, alyp gidendigini habar beripdi.


Türkmenistanyň häkimiýetleri it-pişikleriň köpçülikleýin awlanmagyny we jandarlara görkezilýän rehimsizlikleri açyk agzamaýarlar.    


Aşgabatda itler babatyndaky rehimsizlik bilen bagly soňky waka döwlet baştutanynyň itler barada täze kitap ýazmaga girişen pursadyna gabat geldi.


Türkmen metbugatyna görä, 16-njy maýda Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki atçylyk toplumynda täze kitabyna başlapdyr. 




"Döwlet Baştutanymyz bu ýerde täze doglan alabaý güjüklerini synlap, olaryň hersiniň aýratynlyklaryny, halkymyzyň atlara we alabaýlara at dakmak ýaly asylly ýörelgelerini nazara alyp, güjükleriň hersiniň özüne mahsus atlary dakdy hem-de bu ýörelgäniň çuňňur mana eýedigini we onuň taryhy geçmişden häzirki döwürlere çenli dowam edýändigini belledi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş otagyna geçip, bu ýerde alabaýlar hakynda täze kitaby ýazmaga girişdi", diýip TDH gullugynyň maglumatynda aýdylýar.


Türkmenistana 2006-njy ýylyň aýagyndan bäri ýolbaşçylyk edýän Gurbanguly Berdimuhamedow öz awtorlygynda dürli temalardan 50 golaý kitap çap etdi. Türkmen prezidentiniň kitaplarynyň arasynda onuň öz maşgala agzalary, ýurduň ösümlikleri, mili halylar, çaý we atlar barada eserler bar.        




Türkmenistanyň prezidenti ahal teke atlaryna we itlere bolan aýratyn garaýşy bilen hem tanalýar.


Şu ýylyň fewral aýynda türkmen prezidenti itler üçin ýörite keselhananyň açyljagyny yglan etdi. Bir hepdeden soň keselhana pul toplaýan ýurduň senagatçylar we telekeçiler birleşigi 62 müň amerikan dollary möçberinde pul ýygnandygyny mälim etdi. 


Prezident Berdimuhamedow alabaý itini ýurduň öz taryhynda geçiren iň iri halkara sport ýaryşy Aşgabat-2017 oýunlarynyň tumary edip saýlapdy. Tumardaky güjüge Wepaly ady dakylypdy.       




Türkmenistanyň prezidenti alabaý itlerini beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylaryna sowgat bermegi hem halaýar. 


2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň doglan gününe sowgat hökmünde alabaý güjügini berdi. Şol güjügiň ady hem Wepalydy. 







Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

 


Rus dilinde hem okaň

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России