Orsýet Rewolýusýa gününe derek döredilen Milli agzybirlik gününi belleýär
Orsýet, milletçi toparlaryň we hökümet goldawçylarynyň Moskwanyň köçelerine ýörişe çykmaklary bilen, Milli agzybirlik gününi belleýär. 4-nji noýabrdaky baýramçylyk Kreml tarapyndan 10 ýyl öň, kommunistler döwründe bellenilen Bolşewik rewolýusiýasynyň gününiň ýerine döredildi. Putin 4-nji noýabry watançylygy wagyz etmek we Kremliň giň ýaýrawly ýurtdaky häkimiýetini berkitmek üçin ulanmaga çalyşdy. Soňky ýyllarda bu baýramçylyk hökümete garşy çykyşlar, protestçiler bilen pitnä garşy polisiýanyň arasynda dörän çaknyşyklar bilen utgaşdy. Читать дальше...