Ysraýyl, Gazdan atylan raketalara jogap edip, Gaza garşy howa zarbasyn urdy
Palestinaly jeňçiler 4-nji maýda Ysraýyla tarap raketa atanlaryndan soň, Ysraýylyň harby uçarlary Gaza zolagyna raketa atdylar diýip, media we resmiler habar berdiler. Ysraýyl radiosy 30 minut çemesi wagt içinde ýurda azyndan 50 raketanyň atylandygyny, olaryň käbiriniň günorta Ysraýylyň has içine gelip düşendigini aýtdy. Ýöne habarlarda Ysraýylyň pidalary ýa-da näçe raketanyň urlup ýykylandygy aýdylmady. Gazanyň saglyk resmileri ysraýyl zarbalarynyň birinden üç palestinalynyň ýaraly bolandygyny aýtdy. Читать дальше...