Ozalky gyrgyz prezidenti soraga gelmek çakylygyndan üçünji gezek hem boýun towlady
Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew Bişkekde Içeri işler ministrliginiň anyk aýdylmadyk jenaýat işi boýunça soraga gelmek çakylygyndan üçünji gezek hem boýun gaçyrdy. Bu ýagdaýyň onuň häkimiýetler tarapyndan sorag üçin tussag edilmegine getirmegi mümkin. Atamýewiň aklawçysy Sergeý Slesarew AÝ/AR-a öz müşderisiniň 19-njy iýulda Içeri işler ministrligine soraga barmakdan ýüz dönderendigini, sebäbi parlamentiň geçen aý Atambaýewi jogapkärçilige çekilmezlik hukugyndan mahrum etmeginiň bikanun bolandygyny aýtdy. Читать дальше...