Moldowan prezidenti Dodon Orsýetiň gaz bahalaryny arzanladandygyny aýdýar
Moldowanyň prezidenti Orsýetiň 1-nji oktýabrdan başlap öz ýurduna satýan tebigy gazynyň bahasyny arzanlatjakdygyny aýdýar. Igor Dodon bu beýanaty 7-nji sentýabrda Kremlde rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşandan soň, feýsbukda galdyran ýazgysynda etdi. "Biz gaz pudagynda etjek hyzmatdaşlygymyz babatynda prinsipde ylalaşyga geldik we indiki ätjek ädimlerimizi tassykladyk, olar maňa gaz tarifleriniň ahyrky ulanyjylara satylýan nyrhlaryny ýokarlandyrman saklamaga ygtyýar berýär” diýip, Dodon aýtdy. Читать дальше...