Ýene on bir resmi käýinç aldy: ‘Banklar manadyň hümmedine seretmeýär, telekeçiler ýeterlik goldanmaýar ...’
10-njy fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ykdysadyýet toplumy boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahata bu pudaga gözegçilik edýän wise-premýer, bank we maliýe ulgamlarynyň ýolbaşçylary hem-de beýleki ýokary derejeli resmiler gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar (TDH) agentligi habar berýär. Bu maslahat bilen prezident Berdimuhamedow soňky birnäçe günüň dowamynda eýýäm dokuzynjy gezek 2020-nji ýylyň jemleri boýunça hökümet resmileri bilen yzly-yzyna ýygnak geçirýär. Читать дальше...