Duşenbe polisiýasy iň gowy ştatdan daşary habarçy üçin bäsleşik yglan etdi
Täjigistanyň paýtagty Duşenbede polisiýa iň gowy maglumatçy üçin bäsleşik geçirýär. Bäsleşikde ýeňenlere pul baýraklary we gizlinlik kepilligi wada berilýär diýip, Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy habar berýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin şäherde görlen islendik düzgün bozmany ýa-da jenaýaty wideo ýazgy etmeli ýa-da surata düşürip, soň ol maglumatlary Içeri işler ministrliginiň degişli bölümine ibermeli. Baýrak berlende ilkinji nobatda agyr we aýratyn agyr jenaýatlary dokumentleşdiren habarçylar nazarda tutular. Читать дальше...