Türkmenistan Belarusdaky raýatlaryny getirmek üçin ýörite uçar gatnawyny gurnaýar
"Türkmenistan” awiakompaniýasy türkmen raýatlaryny Belarusdan öz watanyna alyp gaýtmak üçin 8-nji aprelde ýörite uçar gatnawyny gurnaýar diýip, hökümetçi neşirler "Minsk” howa menziliniň resmi saýtyna salgylanyp habar berýär Belarusyň milli howa menziliniň maglumatyna görä, T5784 belgili uçar gatnawy Minskden Türkmenbaşy şäherine, Boeing 737-800 uçary bilen amala aşyrylar. Uçuş ýerli wagt bilen sagat 18:30-a meýilleşdirilýär. Bu uçuş Türkmenistanyň hökümetiniň tabşyrygy esasynda amala aşyrylýar.