Gazagystanda konstitusiýa üýtgetmelerine ses berilýär
Gazagystandaky saýlawçylar prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdy “aşa prezident dolandyryşyndan güýçli parlament dolandyryşyna daýanýan prezident respublikasyna öwürmek” üçin diýip düşündiren konstitusiýa referendumynda ses berýärler. 5-nji iýunda geçirilýän referendumda sese goýulýan 56-a golaý konstitusiýa üýtgetmesi baradaky teklipler ýanwar aýynda bolan ganly tolgunyşyklardan soň edildi. Bu gozgalaň Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursolltan Nazarbaýewiň uzaga çeken ýurt dolandyryşynyň soňlanmagyna alyp geldi. Читать дальше...