Baýramçylygyň öňüsyrasynda, ýönekeý raýatlaryň şowhun-şagalaňy çäklendirilýär
Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda, şu günler häkimiýetler Mary welaýatynda kafeleriň we restoranlaryň iş tertibini çäklendirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 26-njy dekabrda maglumat berdi. “Kafeler, barlar we restoranlar agşam sagat 8:30-dan soň, ýapylyp başlanýar. Agşam 9-dan soň, garbanyşhanalarda ýeke adam galmaly däl” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň Mary sebitindäki habarçylary şu günler kafeleriň we restoranlaryň öňünde polisiýa işgärleriniň nobatçylyk çekýändiklerini habar berýärler. Читать дальше...