Türkmenistan Arkadag şäheri üçin 5 milliard dollar sarp eder
Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna gurulýan şäher üçin 5 milliard dollar sarp eder. Bu barada "France 24" telekanaly türkmen resmilerine salgylanyp, 29-njy martda habar berdi. Bu san şäheriň gurluşygyna 1,5 milliard dollaryň sarp ediljekdigi barada 2020-nji ýylyň fewralynda yglan edilen serişdeden üç esse köpdür. "Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyry 3,3 milliard dollara durýar" diýip, fransuz telekanaly şäheriň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň aýdan sözlerini sitirledi. Читать дальше...