Aşgabatda käbir azyk önümleri arzanlady
Aşgabadyň bazarlarynda käbir azyk önümleriniň nyrhlary birneme arzanlap başlady. Bu waka, Azatlyk Radiosynyň paýtagtyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk harytlarynyň bahasynyň gymmatlaýandygy baradaky maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi. "Bazarlarda nyrhlar düşmäne, witrinada goýulýan bahalar bilen satyjylaryň bahasy deňleşmäne başlapdyr. Döwlet dükanlary bazarlara ösümlik ýagyny döküpdirler. Şeýle-de, towuk budy hem arzan bahadan satylyp başlapdyr" diýip, paýtagtdaky habarçy 4-nji aprelde aýtdy. Читать дальше...