Tusk Merkezi Aziýadaky saparyny dowam etdirýär
Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky saparyny Gazagystanda dowam etdirip, ýurduň wagtlaýyn prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşik geçirdi.
Tokaýew 31-nji maýda öz ýurdunyň “Ýewropa Bileleşigi bilen hemmetaraplaýyn we gurujy hyzmatdaşlyga tarap alan ugruny” dowam etdirjekdigini aýtdy. Bu barada Gazagystanyň prezidentiniň websaýtynda habar berilýär.
Tusk Gazagystany “diňe bir sebitde däl, eýsem global derejede hem möhüm we durnukly hyzmatdaş” hökmünde häsiýetlendirdi.
Tusk Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultana Täjigistandan geldi. Ol Duşenbede prezident Emomali Rahmon bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.
Tusk Gazagystandan soňra Özbegistana barýar.