Moldowanyň geçiş lideri parlamenti dargatdy, irki saýlawlara çagyrdy
Filip bu beýanaty 9-njy iýunda, Konstitusiýa sudy Orsýete tarapdar prezident Igor Dodonyň ygtyýarlyklaryny togtadyp, premýer-minsitriň wezipesini ýerine ýetiriji Filipi prezidentiň wezipesini hem ýerine ýetiriji belländen gysga wagt soňra etdi.
Dodon Filip we onuň ÝB hem-de ABŞ bilen ýakyn gatnaşyklary ileri tutýan hökümeti bilen ýygy-ýygydan çaprazlyk ýagdaýyna düşýärdi.
Paýtagt Kişinýowda 8-nji iýundan bäri ýüzlerçe adam köçelere çykdy, olar Dodona garşy protest bildirip, Konstitusiýa sudunyň kararyna goldawlaryny görkezýärler.
Bu ýygnanyşyk Moldowanyň iň baý adamy Wlad Plahotniýuk tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Demokratik partiýa tarapyndan gurnaldy.