Tramp Ukraina bilen bagly impiçment derňewini “iň uly kezzaplyk” atlandyrýar
Tramp sosial mediada ýerleşdirilen 38 sekundlyk wideo beýanatynda şu hepdäniň başynda Wekiller öýünde impiçment derňewine başlan demokratlaryň “ähli zady almak isleýändigini” aýtdy.
Ol demokrtalar “siziň ýaraglaryňyzy, azatlygyňyzy eliňizden almak isleýär... men munuň amala aşmagyna hiç wagt ýol bermerin” diýdi.
Bu galmagalyň özeninden wistl-bloweriň, jürlewükçiniň ýa-da duýduryjynyň şu hepde çap edilen hasabaty ýatyr, onda Trampyň 25-nji iýulda telefonda ukrain prezident Wladimir Zelenskiý bilen eden gürrüňleriniň jikme-jiklikleri açlylyp görkezilýär.
Telefon söhbetdeşligi wagtynda Tramp Zelenskiden prezidentlige kandidat, demokrat we ozalky wise-prezident Joe Baýdeni, onuň ogly, Ukrainadaky bir energiýa kompaniýasynyň geňeş agzasy bolan Hanteri derňemäge kömek soraýar.
Respublikan Tramp bu telefon gürrüňinden öň birden Kiýewe berilmeli 400 million çemesi harby kömegi togtatdy.