Türkmenabatda okuwçy gyzlar bilen ýygnak geçirilip, olara ‘edep-terbiýe barada öwüt-ündew’ berildi
![Türkmenabatda okuwçy gyzlar bilen ýygnak geçirilip, olara ‘edep-terbiýe barada öwüt-ündew’ berildi](https://gdb.rferl.org/EC30F0B0-BBF8-4798-AFD3-BFF5D0A34507_cx0_cy22_cw100_w800_h450.jpg)
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki orta we hünär mekdeplerinde okuwçy gyzlar bilen ýygnaklar geçirilip, olara “edep-terbiýe barada öwüt-ündewler” berildi. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän Lebapdaky habarçysy şeýle duşuşyklaryň geçen hepdäniň dowamynda geçirilendigini aýtdy.