Türkmenistanyň prezidenti Azerbaýjana sapar edýär
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda Bakuwa geldi diýip, “Trend” habar gullugy Azerbaýjanyň prezidentiniň metbugat-gullugyna salgylanp habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, türkmen prezidenti Azerbaýjanda Goşulyşmazlyk hereketiniň döwlet we hökümet baştutanlarynyňXVIII sammitine gatnaşar.
Prezident Berdimuhamedowy Haýdar Alyýew adyndaky aeroportda Azerbaýjanyň premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew, daşary işler ministriniň orunbasary Mahmud Mammad-Guliýew we beýleki resmiler garşy aldylar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki resmi websaýtlarynda döwlet baştutanynyň sapary barada maglumat berilmeýär.
Ýogsa, TDH ozal, 18-nji oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda Berdimuhamedowyň 25-nji oktýabrda Azerbaýjana sapar edip, Baku şäherinde Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşjakdygyny habar berdi.