CPJ: Hytaý 2019-njy ýylda iň köp žurnalisti türmä basan ýurt boldy
Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň (CPJ) ýyllyk hasabatynda şu ýyl dünýäde azyndan 250 žurnalistiň türmä basylandygy habar berilýär. Bu görkeziji geçen ýyl 255-e deňdi.
Hasabatda ikinji orunda Türkiýe ýerleşdirilip, bu ýurtda 2019-njy ýylda 47 žurnalistiň türmä basylandygy bellenilýär. Geçen ýyl Türkiýede 68 žurnalistiň türmä basylandygy habar berilipdi.
Hasabata görä, şu ýyl Russiýada ýedi žurnalist türmä basyldy. Olaryň dördüsi basylyp alnan Krym regionynda amal eden žurnalistika işi üçin tussaglykda saklanýar.