ABŞ, “Talyban” bilelikdäki ylalaşyk üçin Katardaky duşuşyklaryny dowam etdirýärler
“Talybanyň” wekili öz topary bilen ABŞ-nyň Zalmaý Halylzadyň ýolbaşçylygyndaky gepleşik toparynyň arasynda Katarda iki gün duşuşyk geçirilendigini aýdýar.
“Iki gepleşik topary hem düýn we şu gün netijeli gepleşikleri geçirdiler. Gepleşikler birnäçe gün dowam eder we biz olar barada dürli aralyklarda maglumat paýlaşarys” diýip, “Talybanyň” sözçüsi Suhail Şaheen 17-nji ýanwarda çap eden twitter maglumatynda aýtdy.
Şaheen gepleşikleriň “peýdaly” bolandygyny we taraplaryň bilelikdäki ylalaşyga gol çekmek we oňa degişli dabara barada maslahat edýändiklerini aýtdy.
Ol şundan aňryk anyk maglumat bermedi. ABŞ resmileri bada-bat düşündiriş bermediler, emma “Roýters” ady aýdylmadyk iki çeşmä salgylanyp, olaryň eger Doha gepleşiklerinde yalaşyk baglaşylsa, “Talybanyň” ABŞ goşunlary bilen 10 günlük ýaraşyk baglaşjakdygyny, zorluklary azaltjagyny we owgan güýçleri hem-de hökümet resmileri bilen gepleşjekdigini aýdandygyny habar berdi.
Synçylar ylalaşyk baglaşylsa, munuň Owganystandaky konflikti uzagyndan çözmek umydyny gaýtadan döredip biljekdigini aýdýarlar.