Tramp, Erdogan telefonda Eýran, Siriýa, Liwiýa meselelerini maslahatlaşdy
Eýran 8-nji ýanwarda ýykylan ukrain uçaryny “niýet etmezden” urup ýykandygyny boýun alyp, dünýäde köp adamy, şol sanda köçe protestlerine çykan müňlerçe eýranlyny gahar-gazaba mündürenden soň, Günbatar bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklar ýokarlanýar.
Şu aralykda german kansleri Angela Merkel Türkiýäniň, Orsýetiň, Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň we Italiýanyň liderleri bilen 19-njy ýanwarda Berlinde Liwiýadaky ýaragly konflikti ara alyp maslahatlaşmagy planlaşdyrdy.
Demirgazyk Afrika ýurdunda atyşyk togtadyldy, Tripolidäki BMG we Türkiýe tarapyndan goldanylýan hökümet bilen Orsýet tarapyndan goldanylýan gozgalaňçy uruş serkerdesi häkimiýet ugrunda söweşýär.