Türkmenistanyň aýallar komandasy futzal boýunça Eýranyň sportsmenlerinden utuldy
24-29-njy ýanwar aralygynda Duşenbede geçýän regional sport çäresine Eýran, Gyrgyzystan, Owganystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan gatnaşýar.
Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasy (CAFA) Merkezi Aziýa regionynyň futbol bileleşigi bolup durýar.
Eýranyň mediasy öz ýurdunyň çempionatyň çäginde 15:0 hasap bilen Täjigistandan we 16:1 hasap bilen Owganystandan üstün çykandygyny habar berdi. Eýranyň topary Özbegistanyň komandasy bilen 28-nji ýanwarda we Gyrgyzystanyň komandasy bilen 29-njy ýanwarda duşuşar.