Gazak obalarynda bolan çaknyşyklarda sekiz adam öldürildi
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew beýanat çap edip, polisiýanyň we milli gwardiýanyň ýagdaýy gözegçilik astyna alandygyny aýtdy.
Ol hökümetiň obalardaky asudalygy berjaý etmek üçin çäre görmegini buýurdy.
AÝ/AR-nyň Gazak gullugynyň habarçylarynyň biri bu galmagala dahylly obalaryň birine, gozgalaň wagtynda köp dükanyň ýykylyp-ýumrulan we oda berlen Massançi obasyna baryp gördi.
Çaknyşyklar dungan azlyk toparynyň, hytaý asylly musulmanlaryň agzalarynyň köplük bolup ýaşaýan ýerinde boldy.
Tokaýew bolan wakany doly derňemegi we howpsuzlyk agentlikleriniň etniki ýigrenji, “öjükdiriji gep-gürrüňleri we galp maglumatlary” ýaýradýanlary jogapkärçilige çekmegini tabşyrdy.