Türkmen baş diplomaty Doha sapar edýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşid Meredow 29-njy fewralda Kataryň paýtagty Doha iş saparyny amala aşyrar.
Resmi maglumata görä, saparyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Bellemeli ýeri, 29-njy fewralda Dohada ABŞ bilen “Talyban” toparynyň arasynda, Owganystandaky 18 ýyllyk urşuň tamamlanmagyna getirip biljek, parahatçylyk ylalaşygynyň baglaşylmagyna garaşylýar.
Türkmen baş diplomatyň bu çäre bilen ilteşikli Doha ýöriteläp sapar edip-etmeýändigini anyklamak başartmady. Türkmen resmi mediasynda hem bu barada hiç zat aýdylmaýar.