Gazak sudy döwlet ýadro kompaniýasynyň öňki başlygyny tussaglykdan boşatdy
Džakişew özüniň 14 ýyllyk türme tussaglygynyň ortaça 11 ýylyny berjaý etdi. Onuň maşgalasy we tarapdarlary Džakişewiň saglyk ýagdaýlary sebäpli tussaglykdan boşadylmagyna çagyryş etdiler.
3-nji martda Semei şäherinde geçirilen sud diňlenişigi Džakişewiň garyndaşlary tarapyndan göni efirde görkezildi.
Džakişew 2000-nji ýyllaryň başynda “Kazatomprom” kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýärdi we ol oppozision syýasatçy Muhtar Ablýazowyň dostudy. Ablýazow şol döwürdäki prezident Nursultan Nazarbaýew bilen tersleşip, nebite baý ýurtdan gaçyp gidenden soňra, Džakişew türme tussaglygyna höküm edilipdi.