Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmenistanda internet ulanyjylar Wi-Fi gurallaryny goşulyp satyn alýarlar we soraga çekilýärler

Türkmenabat şäherinde internet ulanyjylar polisiýa tarapyndan soraga çekilýärler. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň sözlerine görä, internet ulanyjylaryň polisiýa çagyrylmagy we olaryň internete çatylmak üçin gurallarynyň barlanmagy fewral aýynyň dowamynda bolupdyr.


Azatlygyň habarçysynyň sözlerine göre, polisiýa işgärleri esasan ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosynyň saýtlaryna we beýleki garaşsyz internet resurslaryna girýändigini bilmek isleýärler. Mundan başga-da, polisiýa wekilleri internet ulanyjylaryň pornografiýa saýtlaryna girmeginiň we YouTube saýtynda wideo görmeginiň sebäplerini soraýarlar.


Habarçymyz polisiýanyň sorag etmek üçin esasan öý internetinden peýdalanýan ýaşaýjylary çagyrýandygyny aýdýar.


"Öý telefonlaryň üsti bilen işleýän internetiň hili, "Altyn Asyr" (TMCELL) kompaniýasynyň mobil internetinden sähel gowy, emel edip YouTube we daşary ýurt telekanallaryny görüp bolýar. Emma fewral aýynyň dowamynda ulanyjylary polisiýa çagyryp, olaryň Wi-Fi gurallaryny barlanlaryndan soň, köpçülik olary ulanmakdan çekinýär we tiziräk kesip aýyrjak bolýar" - diýip, habarçymyz aýdýar.




Onuň sözlerine görä, öý internetiniň bir aýda 400 manatlyk tölegi köpçülik üçin gymmat bolansoň, adatça köp hajylyklar goşulyp, bir guraly satyn alýarlar we ondan bile peýdalanýarlar.


"Bu gymmat elbetde, köp gatly öýlerde ýaşaýan raýatlar 5-6 goňşular öz arasynda ylalaşyp bir sany router satyn alyp ortalykda ýaşaýan goňşusynyň belgisine pul geçirip, bileleşip bir Wi-Fidan peýdalanýarlar. Bu internetiň hilini peseltse-de ykdysady taýdan peýdaly, daşary döwletlere IMO-dan wideo jaň edip bolýar" - diýip, habarçymyz aýdýar. 




 


Türkmenistanyň internet dünýä ýüzünde iň gymmat we haýal hasaplanylýar. SpeedTest guramasynyň 2019-njy ýylyň maý aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistan 179 ýurduň arasynda internetiň tizligi boýunça in soňky ýerde ýerleşdirilipdir. 


Üstesine, türkmen häkimiýetleri Facebook, Twitter, VKonatkte we beýleki sosial ulgamlary petikleýärler. IMO ýurtda elýeterli ýeke-täk messenjerdir.


Internet hyzmatlary doly döwletiň gözegçiliginde saklanýar. "Türkmentelekom" ýeke-täk internet prowaýderi bolmagynda galýar. 


Türkmenistan dünýäde iň berk internet senzuraly ýurtlaryň hataryna girýär. Informasiýa tehnologiýalary boýunça maslahat beriji Comparitech kompaniýasy Türkmenistany internete iň berk gözegçilik edýän ýurtlaryň sanawynda 3-nji orunda ýerleşdirdi.




 


Azatlyk Radiosynyň geçiren žurnalistika derňewleri türkmen hökümetiniň interneti petiklemek we ulanyjylary yzarlamak üçin daşary ýurtlardan gurallary hem gerekli maglumatlary satyn almaga iňňän uly möçberde pul sarp edýändigini anyklady.


Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ​internet saýtlary petiklemek we ýurduň raýatlaryny yzarlamak üçin Germaniýanyň «Rohde & Schwarz» kompaniýasynyň öndürýän gurallaryny satyn alýandygy 2019-njy başynda mälim boldy. Türkmenistanyň ýeke-täk internet prowaýderi "Türkmentelekom" «Rohde & Schwarz» kompaniýasynyň esasy türkmen müşderileriniň biridir.


Türkmen häkimiýetleri interneti petikleýändigini resmi derejede boýun almaýarlar. Emma Türkmenistan barada habar berýän garaşsyz internet neşirleriň ençemesi, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary Türkmenistanda açylmaýar. Türkmenistanda internet böwetlerinden geçmek üçin ulanylýan VPN yzygiderli petiklenýär.      




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России