Türkmenistan syýasy hukuklar we raýat azatlyklary boýunça yzdan üçünji boldy
Syýasy hukuklar boýunça mümkin bolan 40 bahadan 0 baha, raýat azatlyklary boýunça mümkin bolan 60 bahadan 2 baha alan Türkmenistan ýene-de “azat däl” ýurtlaryň” sanawynda galdyryldy.
Türkmenistan halkara hukuk toparlary tarapyndan raýat azatlyklaryny we ilatyň syýasy hukuklaryny bozmakda yzygiderli tankyt edilýär.
“Azatlyk öýi” guramasy geçen ýylda çap eden hasabatynda hem Türkmenistanyň mümkin bolan 100 bahadan iki baha alandygyny habar berdi.
Türkmenistan syýasy we raýat azatlyklary boýunça köplenç iň erbet ýagdaýdaky on ýurduň biri bolmagynda galýar.