Türkmenistan ABŞ-dan koronowirusa garşy göreş üçin kömek alýar
Bu maliýe kömegini alýan ýurtlaryň arasynda, Merkezi Aziýadan Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Gyrgyzystan bilen bir hatarda, Türkmenistan hem bar.
Owganystan, Angola, Indoneziýa, Yrak, Keniýa, Günorta Afrika, Filippinler, Zambiýa we Zimbabwe, Bangladeş, Birma, Komboja, Efiopiýa, Laos, Mongoliýa, Nepal, Nigeriýa, Pakistan, Taýland, Wýetnam ýaly ýurtlara goýberilýän serişdeler Bütindünýä saglyk guramasyna (BSG) we USAID bilen hyzmatdaşlyk edýän beýleki edaralara we programmalara gönükdiriler. ABŞ bu maksatlar üçin jemi 100 dollar möçberinde serişde berýär.
Azatlyk Radiosynyň iki habarçysy 3-nji martda, hassahananyň gizlinlik şerti bilen gepleşen işgärlerine salgylanyp, azyndan iki sany adamyň koronawirus sebäpli keselländigini habar berdiler.
Emma şol gün Ýokanç keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça merkeziň resmisi Azatlyk Radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde bu maglumaty ret etdi.
Türkmenistanyň hökümeti iki aýdan gowrak wagt bäri dünýä ýaýraýan koronawirusy ilkinji gezek 25-nji fewralda resmi derejede agzady we bu keseliň ýurtda ýokdugyny aýtdy.