ÝB Demirgazyk Makedoniýanyň we Albaniýanyň agza bolmagy ugrunda herekete geçýär
Ýewropa Bileleşiginiň 27 sany agza ýurdunyň gelen kararynyň taslamasynda guramanyň Albaniýa we Demirgazyk Makedoniýa bilen olaryň agza bolmagy barada gepleşiklere başlamalydygy aýdylýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.
Reuters agentliginiň 23-nji martda habar bermegine görä, dokumentiň taslamasynda karara degişli işleriň şu hepdede jemlenjekdigi aýdylýar.
Diplomatik çeşmeler demokratik reformalary we korrupsiýa garşy göreşi talap eden Fransiýanyň we Niderlandlaryň talaplarynyň gowşamagynyň gepleşiklere ýol açandygyny aýdýarlar.
Ýewropa BiIeleşiginiň resmileriniň bu kararyny 24-nji martda umumy meseleler boýunça geçiriljek geňeşiniň öňüsyrasynda yglan etmegi mümkin.