ABŞ-nyň döwlet sekretary syýasy krizisiň dowamynda Kabula sapar edýär
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo bir aý mundan öň "Talyban" bilen baglaşylan parahatçylyk ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegine başlamak üçin 23-nji martda Kabula sapar edýär. Bu sapar koronawirusyň pandemiýasynyň dowamynda geçrilýär.
Pompeo Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani we onuň garşydaşy öňki baş dolandyryjy Abdulla Abdulla bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.
Bu ylalaşyk baglaşylandan soň, Ghaniniň we Abdullanyň arasynda prezidentlik saýlawlarynyň gapma-garşylykly netijeleriniň üstünde dörän dawa sebäpli bökdençlige uçrapdy.
Ghani and Abdullah ikisi-de sentýabrda geçirilen saýlawlaryň netijesinde özlerini Owganystanyň prezidenti yglan etdiler we wezipä geçmek boýunça dabaralaryny geçirdiler.
Pompeonyň bu sapary Owganystana syýasy petikden çykmaga ýardam berer diýlip garaşylýar. Bir gün öňüsyrasynda owgan hökümetiniň we "Talybanyň" arasynda ýesirleri çalyşmak boýunça ilkinji gepleşik geçirildi.