Özbegistan, pandemiýanyň netijelerini ýeňip geçmek üçin, $3.1 milliarda çenli karz alar
Prezidentiň 24-nji apreldedöwlet kanunçylyk websaýtynda çap edilen kararyna laýyklykda, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky we Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky bilen deslapky karz almak ylalaşyklaryna gelindi.
Premýer-ministriň orunbasary Jamşid Koçkorow bir gün öň žurnalistlere ozalky sowet respublikasynyň, pandemiýanyň täsirlerini azaltmak üçin, Halkara pul gaznasyndan hem 375 million dollar möçberinde karz berilmegine garaşýandygyny aýtdy.
24-nji apreldäki maglumatlara görä, Özbegistanda resmi taýdan 1,778 koronawirus näsagy hasaba alyndy, olaryň ýedisi ýogaldy.