Orsýet bir günde rekord derejedäki wirus näsaglaryny hasaba alandygyny aýdýar
Orsýetde 26-njy aprelde soňky 24 sagadyň içinde iň köp täze koronawirus ýokaşmasy hasaba alnyp, bir gün öň 6360-dan gowrak täze näsagyň ýüze çykarylandygy tassyklandy.
Orsýetiň saglygy goraýyş işgärleri bir gün öň ýurtda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 66 bolandygyny habar berdiler. Ýogalanlaryň ýarysyndan gowragy Moskwada aradan çykdy.
Jon Hopkins uniwersiteti tarapyndan ýöredilýän global sanaw bazasyna görä, Orsýetde 75 müň töweregi adama koronawirus ýokaşdy, pandemiýadan ölenleriň resmi sany 681-e ýetdi.
Orsýetde COVID-19-dan ölenleriň sany Günbatar Ýewropa we ABŞ bilen deňeşdirilende gaty pes bolmagynda galýar.
Bu ejir çekenleriň sanynyň ölümiň sebäbini öýken ýa-da ýürek keselleri diýip görkezmek bilen, bilgeşlin azaldylyp görkezilýändigi baradaky gümanlary döretdi.