BMG: Birinji çärýekde 500-den gowrak owganystanly, şol sanda çagalar we zenanlar öldürildi
Şu ýylyň başyndan bäri Owganystanda dowam edýän uruş zerarly 500-den gowrak raýat öldürilipdir, olaryň üçden bir bölegi çagalar. Ýaralananlaryň sany 760 adam çemesi. Bu sanlar BMG-niň 27-nji aprelde çap eden hasabatynda mälim edildi.
BMG Owganystana koronawirus howpunyň wehim salýan wagtynda raýatlaryň goragyny has-da güýçlendirmegiň zerurlygyny hem nygtaýar.
Hasabata görä, ýylyň başyndan bäri uruş zerarly wepat bolanlaryň arasynda 152 çaga heläk bolupdyr we 265 çaga ýaralanypdyr. Şeýle-de, 60 zenan heläk bolupdyr we 108 zenan ýaralanypdyr.
BMG-niň Owganystandaky ýardam beriji missiýasynyň (UNAMA) maglumatyna görä, bu sanla 1-nji ýanwar we 31-nji mart aralygyna degişli.
Adam ýitgisiniň aglaba köpüsi hökümetiň we "Talybanyň" arasynda konflikti gowşatmak ugrunda hereket etmegine bildirilen umytlara garamazdan, geçen aýda ýüze çykypdyr.
Heläkçilikli hüjümleriň 55%-ne hökümete garşy hereket edýän güýçler - "Talyban", "Yslam döwleti" we beýleki toparlar jogapkär diýlip, BMG-niň hasabatynda aýdylýar.