Koronawirus gözegçilik astyna alynmasa, Tokio 2020 Olimpiýa oýunlarynyň ýatyryljakdygy duýdurylýar
Koronawirus pandemiýasy indiki ýyla çenli gözegçilik astyna alynmasa, onda 2021-nji ýyla geçirilen Tokio 2020 Olimpiýa oýunlary ýatyrylar diýip, guramaçylyk komitetiniň prezidenti duýdurdy.
24-nji iýuldan 9-njy awgust aralygynda geçirilmegi planlaşdyrylan Tokio oýunlary koronawirus sebäpli geçen aý bir ýyl yza süýşürildi.
Tokio 2020-niň prezidenti Yoşiro Mori 28-nji aprelde Ýaponiýanyň “Nikkan Sports” gazetine beren interwýusynda dünýä pandemiýany ýeňmese, oýunlaryň 2021-nji ýyldan soň yza süýşürilip bilinmejekdigini aýtdy.
“Şeýle ýagdaý bolanda, bu [oýunlar] ýatyrylar” diýip, ol belledi.
Oýunlaryň bir ýyl yza süýşürilmegi Olimpiýa oýunlarynyň 124 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek boldy. Ýöne muňa garamazdan, mundan öň olaryň käbiri, şol sanda 1940-njy ýyldaky Tokio Olimpiýa oýunlary uruş sebäpli ýatyrylypdy.
Bu aralykda, Ýaponiýanyň Medisina assosiasiýasynyň başlygy sanjym tapylmasa, indiki ýyl oýunlary geçirmegiň "gaty kyn" boljakdygyny duýdurdy.
“Men muny geçirmeli däl diýip bilmerin, ýöne muny [geçirmek] gaty kyn bolar” diýip, Ýoşitake Ýokokura 28-nji aprelde eden çykyşynda aýtdy.