ABŞ-nyň ilçisi türkmenistanlylary Ýeňiş baýramy bilen gutlady
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu S. Klimow Ikinji Jahan urşundaky gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli türkmenistanlylary gutlap, çykyş etdi. Bu gutlag ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Instagram hasabatynda çap edildi.
Ilçi Klimow çykyşynda: "Şu gün biz Ikinji Jahan urşunyň weteranlarynyň, meniň hem öz atam ýaly, erkekleriň we aýallaryň mirasyna hormat goýýarys; beren gurbanlary we edermenlikleri üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris" diýip, belledi.
"Beýik söweşde söweşen türkmen we amerikan ata-babalarymyza we ýaşulularymyza sagbolsun aýdýarys. Beren gurbanlaryňyz üçin, bize has asuda we abadan dünýä döredeniňiz üçin sag boluň. Ýaş nesillerimize bolsa — dünýäniň gülläp ösmegi we has hem howpsuz bolmagy üçin, bilelikde işlemäge dowam edeliň. Sag boluň" diýp, ilçi Klimow sözüni jemledi.