Çukotkada ýykylan rus harby dikuçarynda dört adam öldi
Russiýanyň harby dikuçarynyň ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Çukotka ýarymadasynda heläkçilige uçramagy netijesinde dört adam öldi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 26-njy maýda irden bolan heläkçiligiň tehniki näsazlyk sebäpli ýüze çykan bolmagynyň gaty ähtimaldygyny aýtdy.
Çukotkanyň häkimi Roman Kopin dikuçaryň Anadyr şäheriniň golaýyndaky Ugolnyýe Kopi aeroportunda heläkçilige uçrandygyny aýtdy. Ol häzirki wagt gyssagly kömek gullugynyň işgärleriniň wakanyň bolan ýerine barandygyny hem belledi.
“Uçarda üç ekipaž agzasy we bir tehniki işgär bardy. Olaryň hemmesi öldi” diýip, Kopin aýtdy.
Mi-8 – sowet dizaýny goşa turbinaly dikuçar bolup, ol Russiýada we dünýäniň 50 çemesi ýurdunda giňden uçurylýar.
Bu dikuçar harby işgärleri hem-de parahat ilatdan ýaşaýjylary daşamak üçin giňden ulanylýar. Dikuçar soňky döwürde birnäçe gezek heläkçilige uçrady.
19-njy maýda Mi-8 harby dikuçarynyň Moskwanyň golaýynda heläkçilige uçramagy netijesinde üç adam öldi.
2018-nji ýylyň awgustynda Mi-8 dikuçary Sibirde heläkçilige uçrady. Şonda onuň bortundaky 18 adamyň ählisi, şol sanda üç ekipaž agzasy wepat boldy.