ÝB Russiýany we Hytaýy koronawirus bilen bagly nädogry maglumatlary ýaýratmakda aýyplaýar
"Daşary ýurt guramalary we käbir üçünji ýurtlar, hususan-da Russiýa we Hytaý, ÝB-däki COVID-19-yň töwereginde bilkastdan gurnalan täsir ýetirmek operasiýalaryna we dezinformasiýa kampaniýalaryna gatnaşdylar" diýip, 10-njy iýundaky dokumentde aýdylýar. Onda pandemiýa bilen baglanyşykly nädogry maglumatlara garşy göreşde ÝB-niň çemeleşmesi beýan edilýär.
Russiýa bilen Hytaý “demokratik çekişmeleri opurmaga we sosial polýarizasiýany güýçlendirmäge, şeýle hem COVID-19 kontekstinde abraýyny ýokarlandyrmaga synanyşýar” diýip, dokumentiň awtorlary aýdýar. Onda pandemiýa "dezinformasiýanyň... biziň raýatlarymyzyň saglygyna-da zyýan ýetirýändigini görkezdi" diýilýär.
Dokumentde agartmagyň keseli bejerip biljekdigi we elleri ýuwmagyň wirus ýaýramagynyň öňüni almajakdygy ýaly tassyklamalar,"howply galplaşdyrmalar we ýalňyş maglumatlar" hem görkezilip geçilýär.