Kongressiň agzalary Orsýetiň 'Talybana' berendigi güman edilýän pullary barada maglumat talap edýärler
Prezident Donald Tramp özüne hiç hili maglumat berilmeýändigini aýtdy, şol bir wagtda-da, puluň tölenendigi barada habar beren "New York Times" gazeti oňa mart aýynda habar ýetirilendigini belleýär.
Respublikan partiýasyndan wekil Liz Çeýni 28-nji iýunda eden çykyşynda, eger gazetiň berýän habary çyn bolsa, kanun çykaryjylaryň “kimiň we haçan bilendigi?" barada habarly bolmalydygyny aýtdy.
Ak Tam prezidentiň we wise-prezidentiň näme sebäpden habary agzamandygyny düşündirmeli diýip, Çeýni Twitterde ýazdy. Şeýle-de, ol ABŞ-nyň güýçlerini goramak üçin we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini jogapkärçilige çekmek üçin näme edilendigini bilmek isledi.
"New York Times" neşiri ABŞ-nyň anonim işgärlerine salgylanyp, 26-njy iýunda ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň işgärleriniň birnäçe aý ozal Orsýetiň harby aňtaw gullugynyň "Talyban" bilen baglanyşykly söweşijilere peşgeş berendigi barada netijä gelendigini habar berdi.
Gazet 28-nji iýunda goşmaça maglumat çap edip, ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň we Owganystandaky Ýörite operatiw güýçleriniň ýanwar aýynyň başynda Orsýetiň "Talybana" töleg etmek dildüwüşigi barada öz ýokary derejeli ýolbaşçylaryna duýduryş edendigini ýazdy.