Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

“Potemkin pagta meýdany”: Lebapda TW-de görkezmäge niýetlenen ýörite gowaça meýdany bar

“Potemkin pagta meýdany”: Lebapda TW-de görkezmäge niýetlenen ýörite gowaça meýdany bar

Döwlet telewideniýesinde ýurduň gowaça meýdanlaryndan bol pagta hasylynyň ýygnalýandygy barada gaýtalanýan gürrüňlerden tapawutlylykda, Farabyň pagtaçy kärendeçileri pes hasyl sebäpli özleriniň döwlete bergidar çykmagyndan alada galýarlar. Ýöne döwlet telewideniýesinde bol hasylly pagta meýdanlary görkezilýär. Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy döwlet mediasynyň tomaşaçylara “bol hasyl görkezmek ussatlygynyň” aňyrsynda ýatan mümkin bolan sebäpleri öwrendi.

Onuň maglumatlaryna görä, lebaply häkimiýetler döwlet resurslaryny ulanmak arkaly, “göz üçin”, diňe döwlet telewideniýesine niýetläp, surat alynmagy üçin ýörite ýer bölüp berip, garamagyndakylary ol ýerde ösdürilip ýetişdirilen gowaçalara ideg etdirmek üçin ulandy.

“Lebapda türkmen telewideniýesine surata düşürmek üçin 2 gektar gowaça meýdanynda ähli şertleri döretdiler. Welaýat häkiminiň medeniýet boýunça orunbasary gowaçanyň ekiş döwründen ýygym döwrüne çenli ähli medeniýet bölüminiň işgärlerine 2 gektar meýdana ideg etdirdi” diýip, habarçy aýtdy.

Ol bölünip berlen gowaça meýdanynyň otag, çürtüm we suwaryş işleriniň, şeýle-de mineral dökünleri satyn almak işleriniň degişli býujet işgärleriniň üstüne ýüklenendigini habar berdi.

“Otag, çürtüm, suw tutmak, dökün-derman satyn almak işleri býujet işgärleriniň boýnuna boldy” diýip, habarçy aýtdy.

Bu çäreleriň ählisi döwlet telewideniýesinde açylyp oturan pagtalary, gowaça meýdanlaryny görkezmek üçin edildi.

Döwlet telewideniýesi bol hasylly pagta meýdanlaryny görkezýär, efire berilýän gepleşiklerde gowaça meýdanlarynda oba hojalyk işçileri bilen duşuşyk geçirýän medeniýet-sungat işgärleri, aýdymçylar görkezilýär. Wideo reportažlardan mälim bolşuna görä, medeniýet we sungat işgärleri pagtaçylaryň günortan arakesmesinde aýdym-saz çykyşlaryny ýerine ýetirýärler; munuň bilen bir hatarda, olar daýhanlaryň dykgatyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan bölekleri ýetirýärler.

Döwlet telewideniýesinde görkezilýän gowaça meýdanlarynda bir tarapda dökülip oturan pagtalar, beýleki tarapdan pagtaçylaryň ýa-da kombaýnçylaryň öňünde aýdym-saz ýerine ýetirip, şüweleň geçirýän medeniýet işgärleri, pagta ýygýan kombaýnlar, prezidentiň kitabyny okaýan görnüşde surata düşürilen adamlar, hem-de sünnälenip timarlanan pagta harmanlary görkezilýär.

Ýöne howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde atsyz çykyş etmegi saýlap alýan faraply kärendeçiler Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde şu günler özleriniň pes pagta hasylyndan çykalga gözleýändiklerini gürrüň berdiler. “Kärendeçiler umytsyz. Döwlete bergidar çykjagyna göz ýetiren daýhanlar hatda ýetişdiren pagtasyndan geçendigini aýdýarlar” diýip, habarçy aýtdy. Ol kärendeçileriň arasynda çykalgasyzlykdan öz kärende ýerlerini yzyna, daýhan birleşiklere tabşyryp başlan adamlaryň bardygyny aýtdy.

Türkmenistanda pagtaçy kärendeçiler döwlet plan borçnamasy esasynda pagta ýetişdirip, onuň hasylyny döwlete satýar, döwlet kärendeçini agrotehniki serişdeler, şol sanda dökün, tehnika bilen üpjün etmäge borçlanýar. Döwletiň eden çykdajylary daýhanyň girdejisinden tutulýar. Habarçy bilen gürrüňdeş bolan pagtaçylar öz ýygnan hasylynyň döwletiň eden çykdajylarynyň öwezini dolmaga ýetmeýändigini aýdýarlar.

Ýurduň pagta meýdanlarynda düşürilip, 15-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde efire berlen bir wideo reportažda gowaça meýdanlarynda ýygymçy görkezilmeýär, diňe pagta ýygýan kombaýnlar görkezilýär. Beýleki tarapdan, adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlar Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edýärler.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir lebaply täze satyn alynýan kombaýnlaryň prezidentiň syýasatyny ýaýmaga hyzmat edýändigini aýdy.

Döwlet telewideniýesi pagta hasylynyň “ýokary ruhubelentlikde” ýygnalýandygyny öňe sürýär.

Lebap welaýatynda medeniýet işgärleriniň üstüne ýüklenen gowaça meýdanlary, habarçynyň tassyklamagyna görä, döwlet telewideniýesinde bol hasylly pagta görkezmäge niýetlenendir.

“Ählisi türkmen telewideniýesinde 3 minutlyk reportaž üçin, gowy açylyp oturan pagtalary görkezmek üçin hereket edýär, uly çäre geçirip. Hakyky durmuşda başga ýagdaý” diýip, habarçy aýtdy.

“1 tonna pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy 1,500 manat” diýip, habarçy maglumat berdi.

Ol kesgitlenen ýerden döwlete 2 tonna 200 kilogram pagta tabşyran kärendeçi daýhanyň hasylynyň 1 tonna 200 kilogramynyň döwletiň eden çykdajylary üçin tutulýandygyny, 2,2 tonna pagtadan 1 tonna pagtanyň pulunyň, 1,500 manadyň daýhana berilýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Архангельские любители чир спорта показали красоту грации на чемпионате Поморья



Здоровье

Филиал «Ревилайн» в Иркутске анонсировал семейный ирригатор RL 150






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Соседки избили пенсионерку-ветерана в пансионате Красноярска

Патрулирование пожароопасных участков лесов провели в Подмосковье

Певец Сергей АРУТЮНОВ и солистка группы Демо - встречаются, или просто выпустили совместный хит “Солнышко”? Разлад АРУТЮНОВА и Маши Малиновской?

Сына замминистра МВД России отправили в колонию


Москва

Матч ЦСКА - "Рубин" завершился со счетом 2:2






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о возрождении судостроительной отрасли в столице



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

«Больно смотреть»: Кудрявцева обнародовала переписку с Волочковой




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

На международной выставке-форуме "Россия" в Москве завершилась тематическая неделя спорта

К.ВАЛИЕВА, 23 КИТАЙЦА, WADA помогают раскрыть сеть секретных преступных отделов. Дело Скрипалей можно дополнить с пользой.

Матч ЦСКА - "Рубин" завершился со счетом 2:2


ATP

Андрей Рублев поднялся на шестое место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Мир

Российский турист напился и улегся спать на карнизе второго этажа музея, шокировав прохожих



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России